Türkmenistanyň Olimpiýa ýygyndysy Aşgabatda we “Awazada” tälim alar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji martda “2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagy hakyndaky” karara gol çekdi.

Dokumente laýyklykda, Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde we “Awazadaky” sport toplumlarynda möwsümleýin okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmek üçin ýöriteleşdirilen sport bazalary dörediler.

TDH-nyň habar bermegine görä, Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda türgenler ýaşaýyş jaýlary we ýörite iýmitler bilen üpjün ediler, olaryň hiline we howpsuzlygyna hünärmenler gözegçilik eder. Bu tabşyryk sport pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Pürli Agamyradowa berildi.

Sport we ýaşlar syýasaty ministri Daýanç Gulgeldiýewe Tokioda geçiriljek dabaraly çärelerde we ýaryşlarda Türkmenistana wekilçilik etjek türgenleriň we tälimçileriň lybaslary babatda aýratyn tabşyryklar berildi.Neşiriň maglumatyna görä, “dabara we sport lybaslary milli öwüşginleri, medeni özboluşlylygy we aýratynlygy özünde jemlemelidir.

Lybaslaryň bezelişinde ruhy we maddy mirasymyz üçin mahsus bolan, häzirki döwrüň modasynyň meýilleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylan milli nusgalara kybap gelýän nyşanlar ulanylmaly”.

Ýatladýrys, döwlet baştyutany biraz öň Olimpiýa şäherçesine bardy we türgenleriň täýýarlyk görmegi üçin döredilen şertler bilen tanyşdy we olara “watançylyk duýgularyndan ruhlanmagy” tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
07.02.2020 | Resmi habarlar
Resmi habarlar
Türkmen ÝOJ-larynyň uçurymlaryny iki ýyl işlemek üçin kärhanalara ugradarlar
Ylymlar akademiýasynyň döwlet býujetinden maliýeleşdirilmegi üç ýyl içinde bes ediler
TDH: Türkmenistanda umumybilim okuw maksatnamasyny gysgaldylan möhletde özleşdirmäge mümkinçilik döredilýär