Türkmen ÝOJ-larynyň uçurymlaryny hususy we döwler eadaralaryna we kärhanalaryna iki ýyllap işlemek üçin ugradarlar. Bu baradaky düzgünnama Ministrler kabinetiniň 23-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde ylym, bilim, saglygy saklaýyş, sport, ýaşlar syýasaty we jemgyýetçilik meseleleri boýunça wise-premýer Pürli Agamyradow tarapyndan hödürlendi.
TDH-nyň maglumatyna görä, “ýurtda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler netijesinde hususy pudak öz ösüşine eýe bolup, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde kiçi we orta kärhanalaryň sany artýar, jemi içerki önümde hem onuň paýy ýokarlanýar.
Degişlilikde, hususy kärhanalarda orta we ýokary hünär bilimli hünärmenlere bolan zerurlyk hem artýar. Şunuň bilen baglylykda, orta hünär we ýokary hünär bilimini alan uçurymlar eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edaralara, kärhanalara, guramalara ikiýyllyk işe ýollanylýar”.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Agamyradowa hem-de bilim ministri Mämmetmyrat Geldinyýazowa, zähmet bazarynyň talaplary bilen baglylykda, uçurymlary işe ýollamak hakynda taýýarlanylan Düzgünnamanyň ähli bölümlerini ýene-de bir gezek seljermegi tabşyrdy.
Awgustda Pürli Agamyradowa “bilim ulgamymnyň işini jikme-jik analizlemek hem-de bu ugurdaky özgertmeleri amala aşyrmagy çaltlaşdyrmak üçin zerur çäreleri görmek” buýruldy.
Edara-kärhanalarda iki ýyl işlemek talabynyň, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe bolşy ýaly, diplom almak üçin hökmany düzgüne öwrülýändigi, şeýle-de bu iki ýyldaky iş üçn zähmet hakynyň tölenjegi häzirlikçe aýdyň däl.
Belleýäris, Türkmenistanda ýokary we ýörite okuw jaýlaryny tamamlan ýaşlaryň arasyndaky işsizlik derejesi örän ýokary diýip bilinýär.Okuw jaýlarynyň biriniň uçurymynyň “Türkmenistanyň Hronikasyna” gürrüň bermegine görä, ýaş hünärmenleriň işe ýerleşmegi üçin para soraýarlar we şinsuz işe ýerleşmek mümkinçiligi hakykatda ýok diýerlik.
