Prezident Berdimuhamedow: Türkmen türgenleri watansöýüjilik duýgularyny esasy ýörelge edinmeli!

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji martda Olimpiýa şäherçesine bardy diýip, TDH habar berýär. Wise-premýer Pürli Agamyradow prezidente 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Prezident 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda iri ýaryşlara taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly kararyň taslamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Mundan başga, döwlet baştutany türgenleriň ruhy-ahlak taýdan taýýarlanylmagynyň hem örän möhümdigine ünsi çekdi. Berdimuhamedowyň sözlerine görä, “türkmen türgenleri watansöýüjilik, halka, Watana bolan buýsanç duýgularyny esasy ýörelge edinmeli, Türkmenistanyň ähli ugurlarda, şol sanda sport ulgamynda dünýä derejeli abraýa eýe bolýandygyny subut etmeli”.

Aşgabat şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýew, öz gezeginde, prezidente paýtagtda gurulmagy meýilleşdirilýän sport toplumlarynyň we olaryň desgalarynyň taslamalaryny görkezdi.

1 of 4

Soňra Ministrler kabinetiniň agzalary prezidente welosiped sowgat berdiler, ol welosipedde Olimpiýa şäherçesiniň çäklerini, bu ýerdäki sport desgalaryny, binalaryny synlady, emeldarlaryň gatnaşmagynda sport zalynda tälim sapagyny geçirdi.

1 of 11

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmen ÝOJ-larynyň uçurymlaryny iki ýyl işlemek üçin kärhanalara ugradarlar
Ylymlar akademiýasynyň döwlet býujetinden maliýeleşdirilmegi üç ýyl içinde bes ediler
TDH: Türkmenistanda umumybilim okuw maksatnamasyny gysgaldylan möhletde özleşdirmäge mümkinçilik döredilýär
Türkmenistanyň Olimpiýa ýygyndysy Aşgabatda we “Awazada” tälim alar
Berdimuhamedow orta we ýokary okuw mekdeplerini internet ulgamyna birikdirmegi tabşyrdy