Türkmenistanyň Portugaliýadaky ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Portugaliýadaky ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Portugaliýadaky ilçisi M.Çaryýew Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Fransisko Ribeýru Telles bilen duşuşdy we ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, gepleşigiň başynda Baş sekretar ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we portugal tarapynyň diplomatik işinde ýardam we goldaw berjekdigine ynandyrdy.

Habarda bellenilişi ýaly, Portugaliýanyň syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny, şeýle hem halkara guramalaryň çäginde işjeň hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şeýle hem söwda we ykdysady ugur hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri hökmünde bellenildi.

Öz gezeginde ilçi Türkmenistanyň içerki we daşary syýasaty, ýurtdaky amatly maýa goýum ýagdaýy barada habar berdi we portugal kompaniýalaryny maýa goýum taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň dowamynda syýasy gepleşikleri güýçlendirmek üçin taraplar ýakyn wagtda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmäge ylalaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň we Portugaliýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik forumyny guramak mümkinçiligi göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet protokol gullugynyň başlygynyň orunbasary Hose Karlos Reis Arsenio bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda ilçi Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginiň işi we gurluşy bilen tanyşdy.

Ýene degişli makalalar

UEFA “Sewilýa” Ligasy
Portugaliýada Türkmenistanyň ilçisi akkreditirlendi
Türkmen wekiliýeti CIGEPS-niň mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi