Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentiniň ýörite wekili bilen telefonda söhbetdeş boldy

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentiniň ýörite wekili bilen telefonda söhbetdeş boldy

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek üçin görülýän çäreler babatda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň garaýyşlaryndan ugur alnyp, bu meseläniň möhüm ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy ekologik wezipeleri çözmek hem-de daşky gurşawy senagat ösüşiniň depginleri bilen baglanyşykly antropogen ýagdaýlaryň oňaýsyz täsirinden goramak ulgamynda Türkmenistanyň garaýyşlary beýan edildi. Şunda Türkmenistanyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň özara bähbitlere, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygy geljekde-de giňeltmäge gyzyklanmalary tassyklanyldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ýokarda agzalan ugurlar boýunça binýatlaýyn halkara resminamalara goşulmak bilen, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň berkidilmeginde möhüm orny eýeleýär. Ýaşyl ykdysadyýete geçmek strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan nebitgaz, energetika, ulag we beýleki pudaklarda ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy ýokary tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagyny ugur edinýär.

Türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa üçin howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalaryň sebit merkeziniň açylmagy meýilleşdirilýär. Ol howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň ýetirýän täsirlerini azaltmak boýunça netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerri döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik amerikan tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň ilçisi Metýu Klimow Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlaýar
Jon Trawolta 70 ýaşyny belledi
2023-nji ýylyň iň gowy kitaplary saýlandy
Türkmenistan we ABŞ metan zyňyndylaryny azaltmak babatda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili bilen telefonda söhbetdeş boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili bilen telefonda söhbetdeş boldy