Türkmenistanyň Prezidenti Awazada Rowaç kottejler toplumyny açdy

Türkmenistanyň Prezidenti Awazada Rowaç kottejler toplumyny açdy

Şu gün Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan Rowaç kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa şu günden dynç alşa çykan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmenistan gazetiniň elektron nusgasynda habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti täze gurlan Rowaç kottejler toplumynyň toý bagyny kesip, onuň hyzmat ediş merkezinde, kottejlerde, ýanaşyk deňiz kenarynda raýatlaryň göwnejaý dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan Sabyrly maşgala hususy kärhanasynyň, Kent gurluşyk hem-de Güneşli deňiz hojalyk jemgyýetleriniň buýurmalary esasynda gurlan täze toplum häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän 2 gatly kottejleriň 48-sini özünde jemleýär.

Umumy meýdany 10 gektara deň bolan kottejler toplumynyň gurluşygyna geçen ýylyň ýanwarynda badalga berildi.Onuň açylmagy bilen, 200-e golaý täze iş orny döredi.Toplumyň çägindäki standart, maşgala we lýuks görnüşli 10, 16, 18 otagly kottejlerde dynç almaga gelýän raýatlar üçin ähli zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr.

Ýene degişli makalalar

Rowaçlygy sorag döredýän kottežler ýa-da gymmat gurluşyklaryň zyýany nädip azaldylar?
Awaza sagdynlygyň mekany
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow deňiz kenaryndaky täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Awazada täze Rowaç kottejler toplumy ulanmaga berildi
Awazada Rowaç kottejler toplumy açyldy
16-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal