Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň ilçisini kabul etdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlony kabul etdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, ilçi Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Onuň Alyjenaby Patyşa Karl III we Premýer-ministr Rişi Sunakyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Beýik Britaniýada özygtyýarly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Stiwen Konlony jogapkärli wezipä bellenilmegi we Türkmenistanda işe başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakynda Onuň Alyjenaby Karl III we Onuň Şazenan maşgalasyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak maksady bilen, Londona iş saparyny amala aşyrandygyny belläp, saparyň dowamynda görkezilen myhmansöýerlik üçin Beýik Britaniýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda köpugurly türkmen-britan dialogynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Beýik Britaniýanyň ilçisi umumy bähbitlere hem-de döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda gazanylan ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Şeýle-de britan kompaniýalarynyň gazanan üstünliklerini türkmen bazarynda ornaşdyrmak boýunça gepleşikleriň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Energetika, maliýe, bank hyzmatlary, ätiýaçlandyryş we ýaşyl tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Mundan başga-da, oba hojalygynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy aýdyldy. Iki döwletiň we halkyň medeniýet, bilim, sungat we döredijilik ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegi üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Diplomat Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini belledi. Şeýle-de ol üstüne ýüklenen wezipäni ýerine ýetirmek üçin güýjüni gaýgyrmajakdygyna we ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek hem-de ynsanperwer ulgamdaky döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Netijeli döwletara gatnaşyklar ösdürilýär
Ýaponiýanyň Imperatoryna mähirli gutlaglar
Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Şa zenany Ýelizaweta II tagta geçmeginiň 70 ýyllygy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady
Serdar Berdimuhamedow Ispaniýanyň Patyşasyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady