Netijeli döwletara gatnaşyklar ösdürilýär

24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi. Şunda Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, RF-niň doly ygtyýarly wekilini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putine mähirli salamyny beýan edip, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-rus syýasy dialogynyň okgunly ösdürilýändigi, ýokary derejedäki özara saparlaryň amala aşyrylýandygy, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygy bellenildi.Parlament ugry boýunça hyzmatdaşlyk giňeldilýär, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli esasda geňeşmeler geçirilýär.

Türkmenistan bilen Russiýa ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bitarap daşary syýasatyny we ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin rus tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi.Bellenilişi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar.Nebitgaz pudagynda, şeýle hem awtoulag senagaty, gämigurluşyk, awiasiýa ulagy, gazhimiýa we beýleki ulgamlarda oňyn netijeler gazanyldy.

Hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny gurşap alýan şertnama-hukuk binýady kemala getirildi. Şunda ýurdumyz bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda göni söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýändigi we onuň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstüni ýetirýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Muňa Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan oblasty we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleri bilen ýola goýlan netijeli özara gatnaşyklary mysal getirmek bolar.

Gazanylan ylalaşyklary we hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmekde ikitaraplaýyn hökümetara topara aýratyn uly orun degişlidir. Toparyň işi netijeli hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam bermäge, ony täze, geljegi uly ugurlara çykarmaga, işewür düzümleriň ugry boýunça gatnaşyklary höweslendirmäge gönükdirilendir.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem döwletara gatnaşyklaryň möhüm we aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu ugurda bilelikdäki işiň baý tejribesi toplandy. Şunda bilim, ylym, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir.

***

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlony kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Onuň Alyjenaby, Patyşa Karl III we Premýer-ministr Rişi Sunagyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Beýik Britaniýada özygtyýarly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Stiwen Konlony jogapkärli wezipä bellenilmegi we Türkmenistanda işe başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz ýakynda Onuň Alyjenaby Karl III we Şa zenanyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak maksady bilen, Londona iş saparyny amala aşyrandygyny belläp, saparyň dowamynda görkezilen myhmansöýerlik üçin Beýik Britaniýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Patyşa Karl III bilen söhbetdeşlikde onuň Türkmenistana ozal amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdandygyny we ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine özara ynam bildirilendigini belledi.

Duşuşygyň çäklerinde köpugurly türkmen-britan dialogynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz we Beýik Britaniýanyň doly ygtyýarly wekili umumy bähbitlere, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda gazanylan ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa birnäçe ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.Döwletara gatnaşyklar özara hormat goýmak, dostluk, düşünişmek esasynda yzygiderli pugtalandyrylýar, syýasy-diplomatik gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini özgertmek, senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary hem-de bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy nazara alyp, Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, britan kompaniýalarynyň gazanan üstünliklerini türkmen bazarynda ornaşdyrmak boýunça gepleşikleriň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Energetika, maliýe, bank hyzmatlary, ätiýaçlandyryş we “ýaşyl” tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.Mundan başga-da, oba hojalygynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy aýdyldy.

Şeýle hem iki döwletiň we halkyň medeniýet, bilim, sungat we döredijilik ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegi üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.Ilçi Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini möhüm ugur edinýän netijeli syýasatyna ýokary baha berip, Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini belledi.

Diplomat üstüne ýüklenen wezipäni ýerine ýetirmek üçin yhlasyny gaýgyrmajakdygyna we ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, ynsanperwer ulgamdaky döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň ilçisini kabul etdi
Ýaponiýanyň Imperatoryna mähirli gutlaglar
Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi