Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Düýn 19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Hormatly Prezidentimiz söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge we pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, türkmen-eýran söwda-ykdysady gatnaşyklary esasy üç ugurda işjeň alnyp barylýar.Tebigy gaz pudagy onuň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda türkmen tebigy gazyny Eýrana we onuň çäklerinden “swap” görnüşinde üçünji ýurtlara ibermek meselesi barada bellemek bolar.

Elektroenergetika pudagy-da türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.Ulag ulgamy hem döwletara gatnaşyklaryň ösmeginde uly orun tutýar.Bellenilişi ýaly, ýurdumyz bu ulgamda Eýran bilen özara hereketleriň giňeldilmegine hem-de ýük gatnawlarynyň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, awtomobil ýollaryny gurmak babatda bilelikde işlemegiň oňyn tejribesiniň toplanandygy nygtaldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti harby okuw türgenleşigini gözden geçirdi, Yragyň elektroenergetika ministri OGT-2023-e gatnaşar, alaja bagyşlanan edebi bäsleşik yglan edildi we beýleki habarlar
Her ýyl türkmen tebigy gazynyň 9 milliard kub metri SWAP usuly bilen Yraga iberiler
Türkmen arhiwi žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Nebitmaş DK Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň pudaklary üçin dürli görnüşli önümleri öndürýär
Türkmen gazy Yragyň alty sany elektrik stansiýasyny doly üpjün eder
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi