Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.

Nýu-Ýork wagty bilen günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň binasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany BMG-niň Baş sekretary mähirli garşylady.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ählumumy foruma gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda işjeň orun eýeleýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny mübärekläp, ony Baş Assambleýanyň 78-nji mejlisiniň üstünlikli başlanmagy bilen gutlady we bu mejlisiň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işine hem-de dünýäde durnukly ösüşi ilerletmäge möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi, şeýle hem döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Sekretariatyň ähli işgärlerine bilelikde işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, sebitiň we tutuş dünýäniň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasy ugry amala aşyrylýandygy nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyz halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgelerine berk eýerýär.BMG halkara gatnaşyklarynda hem-de ählumumy wehimler bilen şertlendirilen wezipeleri çözmekde esasy utgaşdyryjy gurama hökmünde çykyş etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk Türkmenistan üçin strategik ugur bolup durýar. Ýurdumyz dünýä bileleşiginiň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda amala aşyrylýan hem-de parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köpýyllyk gatnaşyklarynyň netijeli häsiýeti nygtaldy. Bu netijeli hyzmatdaşlyk türkmen tarapynyň öňe sürýän sebit we umumy dünýä häsiýetli netijeli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde, dürli ulgamlarda iri taslamalary we maksatnamalary bilelikde amala aşyrmakda öz beýanyny tapýar.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
Gahryman Arkadagymyz Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi
Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi