Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Türkmenistana sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerdi kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Duşuşykda myhman Eýranda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belläp, Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň döwlet Baştutanyna we Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygyna iberen salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Eýrana amala aşyran saparynyň hem-de onuň dowamynda geçirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berendigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministriniň saparynyň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň we gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Eýranyň Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygyndaky möhüm hyzmatdaşlaryň biridigi, ýangyç-energetika, ulag, aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy hem-de ulag-kommunikasiýa pudaklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň ornuna üns çekildi. Toparyň işi hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmäge hem-de ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerd döwletara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklarynyň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistan — Azerbaýjan: dost-doganlyk gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa
Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Aşgabatda türkmen-eýran medeni dialogyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi