Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklarynyň duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 27-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklary Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg Malwajerdiň duşuşygy geçirildi.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem ikitaraplaýyn görnüşde hem-de, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklara mahsus bolan hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleriniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.Eýran tarapy Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen we Eýran Yslam Respublikasynyň hem awtordaş hökmünde çykyş eden Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistany gutlady.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň ornunyň we ähmiýetiniň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy babatda pikir alyşdylar.Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-ukrain syýasy geňeşmelerinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garaldy
Halkara zähmet guramasynyň Halkara zähmet standartlary departamentiniň direktory bilen geçirilen duşuşyk barada
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň senatory bilen duşuşygy barada
Aşgabatda türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy
Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy