Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň ýurtda täze bellenen ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň ýurtda täze bellenen ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabatda Fransiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merleni kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Fransiýanyň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdyp, fransuz kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşine goşan aýratyn goşandyny belledi.

Duşuşygyň barşynda maglumat-tehnologiýalar, nebitgaz, himiýa, azyk senagaty ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hoşniýetli arzuwlar üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygyny bildirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine, iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen ugry dowam etdirjekdigine ynandyrdy.

Şeýle hem Türkmenistanda Slowakiýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wiktor Boreski öz işine başlady.

Ýene degişli makalalar

Gyrgyzystanyň Prezidenti türkmen ilçisini kabul etdi
Halkara standart hyzmatlary HK ISO 9001:2015 standarty boýunça okuwlara çagyrýar
Türkmen döwlet uniwersiteti Slowakiýanyň Tehnologiýa uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirýär
“Ferenswaroşyň” garaşylmadyk ýeňlişi we Çerçesow wezipesinden boşadyldy
Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary
Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy IIHF-niň reýtinginde üç basgançak ýokary galdy