Gyrgyzystanyň Prezidenti türkmen ilçisini kabul etdi

Gyrgyzystanyň Prezidenti türkmen ilçisini kabul etdi

Şu gün Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nury Gölliýewi kabul etdi. Bu barada gyrgyz Lideriniň Metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Gyrgyz Lideri häzirki wagtda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlygyň täze derejesine ýetendigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, taraplaryň söwda-ykdysady, maýa goýum we önümçilik mümkinçiliklerini doly açmak üçin işjeň çäreleriň görülmelidigi nygtaldy.

Şu nukdaýnazardan Sadyr Žaparow Gyrgyzystanyň Türkmenistany möhüm ykdysady hyzmatdaş hasaplaýandygyny, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňelmegine we hil taýdan ösmegine uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Ilçi Nury Gölliýew öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Prezident Sadyr Žaparowa ýollan salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlardaky gatnaşyklaryň pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de ol ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek we pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Soňra ýörite guralan dabarada Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nury Gölliýew ýurduň Prezidenti Sadyr Žaparowa ynanç hatyny gowşurdy.Gyrgyz Lideri şol bir wagtyň özünde Katar Döwletiniň, Irlandiýa Respublikasynyň, Slowakiýa Respublikasynyň, Filippinler Respublikasynyň, Çehiýa Respublikasynyň, Litwa Respublikasynyň, Niderlandlar Patyşalygynyň Gyrgyzystandaky täze bellenilen ilçilerinden hem ynanç hatlaryny kabul etdi.

Agzalan daşary ýurt wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň hormatyna Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Dabaranyň dowamynda Prezident Sadyr Žaparow ilçileri Gyrgyzystanda diplomatik missiýa resmi taýdan girişmekleri bilen gutlady we olara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda üstünlik arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

TIKA Bişkekde Agzaçar Berdi
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Gyrgyzystanyň Prezidenti Žaparow Russiýa sapar bilen barar
Gyrgyzstan, ABŞ-nyň Içerki Işlerine Goşulmazlygyny Isledi
Türkmenistanyň Prezidenti gyrgyz kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi