Türkmenistanyň Prezidenti iş sapar bilen Nýu-Ýorka bardy

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapar bilen Nýu-Ýorka bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen bardy. Döwlet Baştutanynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary 20-nji sentýabra çenli dowam eder. Bu barada TDH habar berýär.

Turkmenportalyň hem ozal habar berşi ýaly, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň işine, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň С5+1 görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutany ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirer.

BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisi açyldy. Mejlisiň çäklerinde 19 26-njy sentýabr aralygynda ýokary derejeli çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Sesden tiz uçýan geljegiň uçary döredildi
Wise-premýer R.Meredow türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy
Türkmenistanyň belli diplomat zenanlaryna Magtymguly adyndaky halkara baýragy berildi
Dünýä 2025-nji ýyla "Hoş geldiň" diýdi
Gollandiýaly aýakýalaňaç 3,5 müň kilometr ýol geçip, dünýä rekordyny goýdy