Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan...

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luçano Gallini kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň Prezidentiniň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň golaýlaşyp gelýän şanly 25 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny, tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Şunda Italiýanyň oňyn daşary syýasy ugry durmuşa geçirýän hem-de halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýän Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna mähirli salamyny beýan edip, jenap Luçano Gallini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de bu işi ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz Bitarap Türkmenistanyň Italiýa bilen netijeli gatnaşyklary, şol sanda Ýewropa bilen üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň çäklerinde gatnaşyklary pugtalandyrmaga çalyşýandygyny nygtap, däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we italiýaly diplomat ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alşyp, söwda-ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtadylar.

Bu babatda özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, göni işewür gatnaşyklary höweslendirmek, maýa goýum işi üçin uly mümkinçilikler bar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalar hem-de giň möçberli özgertmeler maksatnamalary muňa ýardam edýär. Haryt dolanyşygy, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, oňyn görkezijilere eýe bolýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we italiýaly diplomat ýangyç-energetika ulgamyny, senagat toplumyny, ýeňil senagaty we beýleki birnäçe pudaklary özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdiler.

Ýangyç-energetika toplumy barada aýdylanda bolsa, tutuş dünýäde meşhur bolan “ENI” italýan kompaniýasynyň ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda netijeli işleýändigi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny bellediler. Dokma pudagynda hem, hususan-da, ýurdumyzyň kärhanalaryny ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün etmek ugrunda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýola goýuldy.

Öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda pudaklaýyn önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça meýilnamalary nazara almak bilen, bu ýerde ysnyşykly gatnaşyklary dowam etmek üçin ähli mümkinçilikler bar.

Ýokary derejedäki özara gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýeti soňky ýyllarda türkmen-italýan hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşendiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Italiýa Respublikasyna bolan resmi sapary döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm tapgyryna öwrüldi. Rimde ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Şol saparyň çäklerinde milli Liderimiziň Italiýanyň iri işewürliginiň wekilleri bilen duşuşandygy hem bellärliklidir. Şol duşuşygyň barşynda dostlukly ýurduň esasy kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny has-da giňeltmäge çalyşýandygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy. Bu ýerde amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi.

Ýokary derejedäki gepleşikleriň öňüsyrasynda Milanda bilelikdäki işewürler forumy geçirildi. Şonuň jemleri, umuman, saparyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şolaryň uly bölegi orta we kiçi telekeçilikde hyzmatdaşlyk meselelerine degişlidir. Şeýlelikde, dürli ulgamlarda mundan beýläkki gatnaşyklar üçin ygtybarly esas döredildi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň sentýabr aýynda Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň anyk gurallaryny kemala getirmek we onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak baradaky teklibi beýan etdi.

Gürrüň, hususan-da, ikitaraplaýyn işewürler geňeşini ýa-da degişli iş toparyny döretmek hem-de her ýyl Italiýanyň we Türkmenistanyň Ykdysadyýet günlerini geçirmek hem-de Milanda ýurdumyzyň Söwda wekilhanasyny açmak barada bardy.

Ynsanperwer ulgam türkmen-italýan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlaryň ikisi hem baý medeni mirasa eýedir. Munuň özi bolsa netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin oňaýly şertleri döredýär. Bu babatda türkmen we italýan arheolog alymlarynyň Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän täsin taryhy-medeni ýadygärlikleriň birnäçesinde ençeme ýyllaryň dowamynda bilelikde netijeli işleýändigini aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar.

Ylym we bilim ulgamynda hem özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi bar. Italiýanyň esasy ugurdaş merkezi bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde italýan dili yzygiderli okadylýar. Häzirki döwrüň wehimlerini nazara almak bilen, saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem möhüm bolup durýar.

“Türkmenistan Italiýa” medeni hyzmatdaşlyk bilelikdäki ynsanperwer taslamalary durmuşa geçirmek üçin hemişelik hereket edýän binýat bolup bilerdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ony döretmegiň maksada laýykdygy baradaky başlangyjy Italiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen ýokarda agzalan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda öňe sürdi.

Medeniýet we sungat ulgamynda türkmen-italýan hyzmatdaşlygy ozaldan gelýän asylly däplere eýedir. Munuň özi bolsa netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, döredijilik alyşmalaryny işjeňleşdirmek üçin oňat mümkinçilikleri şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, Italiýada “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň ussatlygyna mynasyp baha bermäge mümkinçiligiň bolandygy bellärliklidir.

2014-nji ýylyň oktýabr aýynda ýurdumyzyň çäklerinden daşda hem meşhur bolan bu toparyň Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI Halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşandygyny ýatlatmalydyrys.

Biziň ussatlarymyz üstünlikli çykyş edip, ahalteke bedewlerini çapmagyň ýokary ussatlyk derejesini görkezip, bäsleşigiň baş baýragyna “Latina-2014” Altyn Kubogyna mynasyp boldular. Olara şeýle hem her ýyl geçirilýän bu abraýly festiwalyň baýraklary “Di Albacete”, “Consegina il Premo”, “Somune Di Latina” baýraklary hem-de Italiýanyň Ahalteke assosiasiýasynyň diplomy gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzda bolşy ýaly, Italiýa Respublikasynda hem at çapmak ussatlygyna ýokary baha berilýär, ahalteke bedewlerine hem-de türkmen halkynyň şan-şöhraty dünýä dolan ganatly bedewleri ösdürip ýetişdirmek boýunça gadymdan gelýän däplerine uly gyzyklanma bildirilýär.

Şeýlelikde, bar bolan köptaraply kuwwatdan ugur alyp, ondan netijeli peýdalanmak hem-de gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, hyzmatdaşlygyň “ýol kartasyny” taýýarlamak boýunça alnyp barylýan bilelikdäki işiň geljegi uly hasaplanylýar.

Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz hem-de Italiýanyň doly ygtyýarly wekili BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellediler. Bu babatda taraplar birek-birege düşünýändiklerini, öňe sürülýän başlangyçlary özara goldaýandyklaryny hem-de sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini görkezýärler.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa döwletara gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz tarapyndan, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak esasynda guralýan hem-de taraplaryň uzakmöhletli bähbitlerine laýyk gelýän däp bolan türkmen-italýan dostluk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Türkmen-italýan gatnaşyklary ösdürilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Döwletara gatnaşyklaryň gerimi giňeldilýär
Serdar Berdimuhamedow Serjio Mattarellany gutlady