Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň halkyny milli baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň halkyny milli baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Luiza Arbura we ýurduň halkyna Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda Luiza Arbura berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Kanadanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Kanadanyň güni her ýylyň 1-nji iýulynda bellenilýär. Bu baýram 1867-nji ýylda birnäçe britan koloniýasynyň bitewi Kanada dominionyna birleşmegini göz öňünde tutan Britan Demirgazyk Amerika kanunyň güýje girmegine bagyşlanýar.

Milli baýram mynasybetli Kanadanyň ähli künjeginde ýurduň taryhyna, medeniýetine bagyşlanan resmi dabaralar, konsertler, medeni hem-de baýramçylyk çäreleri geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny gutlady
Pep we onuň şägirtleri (makala)
Türkiýe ABŞ-na Gynanç Bildirdi
Berdimuhamedowlaryň uçar flotuna täze kaşaň ulag goşuldy - zurnalistika derňewi
“The Best FIFA” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
Keýniň taryhy statistikasy