Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Kuba Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýar diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Migel Mario Dias-Kanel Bermudese tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Kubanyň halkyna bolsa öňe gitmegi hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Kubanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Kubanyň Prezidentine gutlag iberdi
Migel Dias-Kanel Kubanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Serdar Berdimuhamedow Kubanyň Prezidentine gynanç bildirdi
Kubadaky partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady