Türkmenistanyň Prezidenti Litwanyň gaýtadan saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Litwanyň gaýtadan saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Gitanas Nausedä Litwa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gitanas Nausedä berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Litwa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
4 Ýurt Russiýa we Belarus Bilen Goranyş Zolagynyň Gurulmagyny Talap Etdi
Litwanyň häzirki Prezidenti Nauseda saýlawlarda ýeňiş gazandy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Polşa: "Russiýanyň gizlin gullugynyň 9 işgärini tussag etdik" diýdi
MAGTYMGULYNYŇ MIRASY ADAMZAT MEDENIÝETINIŇ GENJI-HAZYNASYNYŇ AÝRYLMAZ BÖLEGIDIR