Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Patyşasyny tagta geçmegi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Patyşasyny tagta geçmegi bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Sultan Ibrahim ibni Almarhum Sultan Iskandara Malaýziýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň Malaýziýa bilen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk alyp barýandygyny belläp, bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Sultan Ibrahim ibni Almarhum Sultan Iskandara berk jan saglyk, bagtyýarlyk we asylly başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Ýokary Baştutanyny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň täze Patyşasyny gutlady
Prezident Erdogan Malaýziýanyň Premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Ýaponiýanyň Imperatoryna mähirli gutlaglar
Türkmenistanyň Prezidenti Şa zenany Ýelizaweta II tagta geçmeginiň 70 ýyllygy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady