Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Roskosmos döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawty, instruktor, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutany oňa berk jan saglyk, uzak ömür we maşgala abadançylygyny, adamzadyň ösüşine gönükdirilen hünär işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şu gün Oleg Kononenko 59 ýaşaýar.

Ýeri gelende bellesek, 1964-nji ýylda Türkmenistanyň şol wagtky Çärjew (häzirki Türkmenabat) şäherinde doglan Oleg Kononenko şu wagta çenli 2008-nji, 2011-nji, 2015-nji hem-de 2018-nji ýyllarda dört gezek kosmosa uçuşy amala aşyrdy. Ol kosmosda 736 gün 18 sagat 43 minudyny kosmosda geçirdi. Şonuň 32 sagady açyk kosmos giňişliginde geçirilendir.

Oleg Kononenko 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Gahrymany diýen ada eýe boldy.

Ýene degişli makalalar

Oleg Kononenko älemde bolmakda dünýä rekordyny täzeledi
Türkmenistanyň Gahrymany Kononenko älem giňişliginde iň köp bolmak rekordyny täzeledi
Gurbanguly Berdimuhamedow Oleg Kononenkony gazanan dünýä rekordy bilen gutlady
Kononenko Halkara kosmos stansiýasynyň serkerdeligine bellendi
Oleg Kononenko kosmosda iň uzak wagtlap bolmakda dünýä rekordyny goýýar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI O.KONONENKONY KOSMONAWTIKA GÜNI BILEN GUTLADY
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY O.KONONENKONY KOSMONAWTIKA GÜNI BILEN GUTLADY