Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň we Beýik Britaniýanyň täze ilçileri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň we Beýik Britaniýanyň täze ilçileri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda Russiýanyň we Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen aýratynlykda duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Russiýanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Iwan Wolynkin bilen duşuşyk:

Duşuşygyň dowamynda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň doly ygtyýarly wekilini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda türkmen-rus syýasy dialogynyň okgunly ösdürilýändigi, ýokary derejedäki özara saparlaryň amala aşyrylýandygy, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygy bellenildi. Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi.

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Stiwen Konlon bilen duşuşyk:

Duşuşygyň dowamynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy.

Stiwen Konlon Beýik Britaniýada özygtyýarly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler bardygyny belläp, britan kompaniýalarynyň gazanan üstünliklerini türkmen bazarynda ornaşdyrmak boýunça gepleşikleriň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Ilçi öz gezeginde Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow maý aýynyň başynda britan tarapynyň çagyrmagy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin Londona iş saparyny amala aşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Hekaýasyny ekranlaşdyrmaga rugsat berdi
ABŞ-nyň Senaty Elizabet Ruduň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine dalaşgärligini tassyklady
Netijeli döwletara gatnaşyklar ösdürilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň ilçisini kabul etdi
Türkmenistanda Türkiýede bolup geçen ýertitremede aradan çykanlaryň we ejir çekenleriň hatyrasyna sadaka berildi, Aşgabatda üç sany lukmançylyk merkeziniň düýbi tutuldy, Remezan aýynda agyz beklenilýän we açylýan wagtlaryň meýilnamasy köpçülige ýetirildi
Beýik Britaniýa Türkmenistandaky ilçisini täzeleýär
ABŞ raýatlaryna Meksika bilen bagly duýduryş berdi