Türkmenistanyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýeňil atletika boýunça XIX dünýä çempionatynyň çäginde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda wekiliýetleriň ýakyn wagtda boljak saparlarynyň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, Tatarystan Respublikanyň ýolbaşçysynyň Metbugat gullugy habar berýär.

Tatarstan dürli pudaklarda, şol sanda nebiti gaýtadan işlemekde Türkmenistanyň köpýyllyk hyzmatdaşydyr. Taraplar medeni we gumanitar hyzmatdaşlygyň çäginde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler: mysal üçin Aşgabat — Kazan — Aşgabat ýolunda göni uçuşlar işjeň amala aşyrylýar. Häzirki wagtda Kazanda 3,7 müňden gowrak türkmen raýaty okaýar.

Iki ýurduň Baştutanlary soňky gezek aprel aýynda R.Minnihanowyň Aşgabat şäherine bolan iş sapary wagtynda duşuşupdylar.

Ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň Wengriýa iş saparyny amala aşyrandygy barada habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTAN KAZANDA GEÇIRILJEK FORUMA GATNAŞAR
Türkmenistan Kazanda geçiriljek foruma gatnaşar
Kazanda Magtymgula bagyşlanan ylmy maslahaty geçiriler
17 — 19-njy oktýabrda Türkmenistanda Tatarystanyň medeniýet günleri geçiriler
Türkmenistanyň we Tatarstanyň döwlet Baştutanlary Budapeştde duşuşyk geçirdiler, Türkmenfilm Astrahanda Magtymguly Pyragy barada dokumental filmi üçin sýužet taýýarlar, Türkmenistanly göreşçiler halkara ýaryşynda üç medal gazandylar we beýleki habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri görnükli rus drižýory bilen duşuşdy