Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, şu günler gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmek, galla oragynda işledilmegi göz öňünde tutulýan kombaýnlary, awtoulaglary we galla kabul ediş nokatlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatlaryň ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam etdirilýär. Pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek, bellenen meýilnamany doly berjaý etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi we häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatlarda meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda degişli görkezmeleri berdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanda gowaça ekişi tamamlandy
Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi