Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

29-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 2-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 9-njy iýunda galla oragyna başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şoňa laýyklykda, häzirki wagtda orakda ulanyljak oba hojalyk tehnikalary, awtoulaglar we galla kabul ediş bölümleri möwsüme taýýar edildi.

Galla kabul ediş bölümlerinde işlejek işgärler, däne ýygýan kombaýnlary dolandyrjak mehanizatorlar bilen okuw maslahatlary geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak hem-de agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň gowaça ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, hatarara bejergi işleri dowam etdirilýär, zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça degişli çäreler geçirilýär.

Sebitlerde ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinlerine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de irki ýetişen ýeralma we gök ekinleriň hasylyny ýygnap almak, olary ilatymyza ýetirmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli berjaý etmek babatda zerur tagallalar edilýär.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işlerine toplumlaýyn, jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi we gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesinde we üstünlikli geçirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belläp, welaýatlarda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda galla oragyna başlamak dabarasynyň, şeýle hem iýun aýynda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli welaýatlarda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini häkimlere tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanda gowaça ekişi tamamlandy
Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi