Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler.Hasabatlarda gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleriniň ýerine ýetirilýändigi, şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýandygy, bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýandygy, galla oragyny guramaçylykly geçirmek üçin möwsümde işlediljek kombaýnlary, galla kabul ediş nokatlaryny, awtoulaglary taýýarlamak boýunça zerur çäreleriň görülýändigi barada aýdyldy.

Şeýle-de döwlet Baştutanynyň ilaty ýurduň özünde öndürilýän gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek babatda ozal beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatlarda ýeralma, sogan hem-de beýleki ýazlyk ekinler ekilen ýerlerde ideg işleriniň geçirilýändigi, pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli berjaý etmek ugrunda degişli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.

Degişli hasabatda Daşoguz welaýatynda şaly ekişiniň meýilnama laýyklykda dowam edýändigi barada aýdyldy.

Häkimler ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna we Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda we binalarda, inženerçilik ulgamlarynda gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada-da hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany häkimlere gowaça ekilen ýerlerde we bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegi we ýokary hilli geçirilmegi babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi, pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamanyň berjaý edilmegi babatda häkimlere birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany häkimlere ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra wise-premýer A.Ýazmyradow ýurduň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda aýdylyşy ýaly, häzirki wagtda bugdaý meýdanlarynda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar, bellenen agrotehniki kadalara laýyklykda soňky ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şeýle hem galla oragyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, onda işledilmegi göz öňünde tutulýan kombaýnlary, awtoulaglary we galla kabul ediş nokatlaryny möwsüme taýýar etmek boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Ýurduň gowaça meýdanlarynda tagt we gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde birinji hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleri geçirilýär.

Gowaça ideg etmekde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny netijeli işletmek, ideg işlerini bellenen agrotehniki möhletlerde ýokary hilli geçirmek boýunça zerur tagallalar edilýär.Wise-premýer ýeralmanyň we beýleki gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak hem-de bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek maksadynda häzirki wagtda welaýatlaryň ekin meýdanlarynda bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleriniň dowam edýändigi barada hem aýtdy.

Pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek, bellenilen meýilnamany üstünlikli berjaý etmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilýändigi barada hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde we bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de gowaça, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutany galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer A.Ýazmyradowa hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Şeýle-de ol işleriň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanda gowaça ekişi tamamlandy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi