Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek barada Buýruga gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek barada Buýruga gol çekdi

Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Ýylyň türkmen edermen alabaýy atly halkara bäsleşigi hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de bu bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Buýruga gol çekdi.Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, resminama türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan nusgalyk türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde çykaran 2222-nji Kararyna laýyklykda kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanda tokaý gaznasyndan peýdalanylandygy üçin tölegleriň täze möçberi kesgitlenildi
Täze buýruga garamazdan, Lebapda mekdep okuwçylary pagta ýygymyna çekilýär