Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gurban baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gurban baýramy bilen gutlady

28-29-30-njy iýun günlerinde Türkmenistanda milli baýram — Gurban baýramy bellenilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlag iberdi. Türkmenistan gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany:

— Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi belent ahlaklylygyň, ruhy tämizligiň hem-de ynsanperwerligiň ajaýyp baýramy bolan mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gözbaşy müňýyllyklardan gaýdýan bu baýramyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň şanly ýeňişleriň, şöhratly ösüşleriň ýurdy hökmünde at-abraýy dünýä dolýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana bolan söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn — diýip belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Gurban baýramy bütin dünýäde dogruçyllygy we päkligi ündeýän, agzybirligi, jebisligi dünýä ýaýýan, jemgyýetde ählumumy ruhubelentligi döredýän gadymy baýramdyr. Ynsan kalbynyň tämizligini dabaralandyrýan, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän ynsanperwer häsiýetler, ruhy-ahlak gymmatlyklar, ynanç-ygtykatlar jemlenen bu baýramyň halkyň agzybirlik we jebislik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagynda orny barha ýokarlanýar.

Naz-nygmatly bereketli saçaklar giňden ýazylyp, ýurduň dünýädäki şan-şöhratynyň has-da belende galmagynyň, abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň hatyrasyna gurbanlyk sadakalary berlip, doga-dileg edilýär.Gurban baýramynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak wakalar — döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy, halkara we medeni çäreler, Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşyp gelmegi bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistanyň gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde egsilmez ruhy güýç berýär, halkyň jebisligini we agzybirligini dabaralandyrýar, Watana bolan buýsanjyny has-da pugtalandyrýar.

— Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz hakyndaky beýik hem-de mukaddes düşünjelerimizi Ýer ýüzünde dabaralandyrmak, jemgyýetimiziň sagdyn ösüşini, nesilleriň, döwürleriň arasyndaky üznüksiz baglanyşygy üpjün etmek, milletimiziň kämilligini gazanmak, jemgyýetimizde, maşgalada, her bir şahsyýetde beýik buýsanjy we ynsanperwer duýgyny terbiýeleýän milli ýörelgelerimizi dabaralandyrmak, parahatçylygy, dostlugy pugtalandyrmak ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda biziň öňümizde durýan esasy wezipelerdir. Şu maksat bilen, halk hakydasynda müdimilik orun alan we kämillik derejesine ýetirilen milli ýörelgelerimize, hoşniýetlilik, dostluk tuguny parladan, adamzat medeniýetiniň baýlaşmagyna ägirt uly goşant goşan ata-babalarymyzyň baý tejribesine daýanyp, Watanymyza bolan söýgimiz, yhlasly zähmetimiz bilen ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslarynyň berkidilmegine, halkara abraýynyň ýokarlandyrylmagyna, mähriban halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyna gönükdirilen tutumly işleri amala aşyrýarys — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda nygtaýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynyň ahyrynda ähli watandaşlaryny ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, ruhy päkligi dabaralandyrýan mukaddes Gurban baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýar hem-de olara berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, ýurduň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýär.

— Goý, Gurban baýramy günlerinde amal ediljek tagat-ybadatlar, öten-geçenlerimiziň ruhuny ýatlap beriljek sadakalar, okaljak aýat-töwirler, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň abadançylygynyň, külli adamzadyň bagtyýar we parahat durmuşynyň bähbidine ediljek doga-dilegler Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun! — diýip, döwlet Baştutany belleýär.

Ýene degişli makalalar

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Nowruzym — gadymy Oguz baýramy
Halaçda tegelek haly dokalýar
Aşgabatdaky kärhanada ýanwar aýynda 120 inedördül metr haly dokaldy
Küştdepdi — halklary birleşdirýän tans
TÜRKSOÝ-nyň agza ýurtlarynyň aýdymçylary we tansçylary onlaýn görnüşde küştdepdi tansyny ýerine ýetirdiler