Türkmenistanyň Prezidenti ýazky bag ekmek möwsümine badalga berdi

Türkmenistanyň Prezidenti ýazky bag ekmek möwsümine badalga berdi

18-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Watanymyzy gülläp ösýän künjege öwürmek boýunça giň möçberli ählihalk bag ekişliginiň ýazky möwsümine badalga berildi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň ýüz müňlerçesi ekildi.

Asylly däbe görä, Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasyna paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň ýaşaýjylary agzybirlikde gatnaşýarlar. Bilelikde çekilýän zähmet türkmen topragynyň gözelligine gözellik goşýar.

Hormatly Prezidentimiz ilkinji bag nahalyny ekip, bu ýerde guralýan asylly işe badalga berdi. Bu günki asylly çärä gatnaşýanlaryň hemmesi hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bag nahallaryny ekdiler. Adamlaryň agzybirligi halkymyzyň milli ýörelgelere ygrarlydygyny görkezýär. Şeýlelikde, asylly işler jebislikde amala aşyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Iran Agrofood atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergä we Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Terrorizme Garşy Göreş Egilşiksiz Dowam Edýär
Yragyň Demirgazygyna Guralan Operasiýada Köp Sanly Terrorçy Ýok Edildi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GARAŞSYZLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK DABARASYNA GATNAŞDY
Şanly Garaşsyzlygymyzyň toýy uludan tutuldy
Türkmenistanda güýzlük bugdaýyň ekişine badalga berildi
Aşgabatda Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi