Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidentini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidentini kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumany kabul etdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin, döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, ýewropaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda abraýly maliýe guramalary we bank düzümleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Döwlet Baştutany Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidentiniň Aşgabada şu saparynyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen meýilleşdirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi. Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk şolaryň biri hökmünde görkezildi.

Şunda Türkmenistanyň tebigy serişdelere baý döwlet bolmak bilen, bu ulgamy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ygrarlydygy nygtaldy. Şeýle hem ýurdumyzda energiýanyň arassa, daşky gurşawa zyýansyz we ýaşyl bolmagy jähtinden maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Munuň özi Türkmenistanda amala aşyrylýan durnukly energetika taslamalaryna ýa-da täze başlangyçlara Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleri şertlendirýär.

Ulag ulgamy hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde berk esas bolup hyzmat edýär. Ulaglaryň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygynyň döredilmegi uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şu ugurda, köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk Günorta, Gündogar Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Hazarüsti halkara gatnawlaryny işjeňleşdirmegiň we bu ugurdaky kuwwatlyklardan doly peýdalanmagyň wajypdygyna üns çekildi. Şeýle hem Ýewropa we Aziýa sebitlerini birleşdirýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstaşyr geçirijiligini artdyrmak boýunça mümkinçiliginiň uludygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmak babatynda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň barşynda oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri barada hem durlup geçildi. Bu babatda suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmak örän wajyp bolup durýar. Şunda Türkmenistanyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň suwaryş desgalarynyň gurluşygy we ýokary tehnologik enjamlary ornaşdyrmak boýunça degişli edaralar bilen hyzmatdaşlygyny goldaýandygy bellenildi.

Ýurduň banklarynyň we hususy ulgamynyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, maliýe-karz hem-de maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler hem gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Bouman uzakmöhletleýin we özara bähbitlilik esasynda guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti ÝTÖB-niň wise-prezidentini kabul etdi
Budapeştde Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri görkezildi
Türkmen wekiliýetiniň Brýussele amala aşyran sapary we Hazarüsti taslamasynyň mümkinçilikleri
Waşingtonda Hazarüsti halkara ulag geçelgesini ösdürmek boýunça forum geçiriler
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitindäki çykyşy
Ankarada türkmen gazynyň ähmiýeti nygtaldy, gaz geçiriji taslamasynyň geljegi aýdyňlaşdyrylmady