Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň 16-njy sammitinde çykyş etdi

Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň 16-njy sammitinde çykyş etdi

Ozal habar berşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde iş saparynda bolup, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 16-njy sammitine gatnaşýar.

Türkmenistan gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, ýokary derejedäki duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan Tashkent City Halkara işewürlik merkeziniň Kongres merkezinde wekiliýet ýolbaşçylarynyň resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, YHG-nyň 16-njy sammitiniň açylyş dabarasy boldy.

Sammitiň başynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti giriş sözi bilen çykyş etdi. Soňra Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň başlygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa söz berildi. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda YHG-nyň işi we sebit meseleleri bilen bagly Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarydyr başlangyçlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynda özara bähbitli söwda-ykdysady we maýa goýum pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ulgam gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr. Şeýle-de serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçiliklerini işjeň ulanmagyň möhümdigine üns çekildi.

Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynyň dowamynda Sanly tehnologiýalar we elektron söwda boýunça YHG-nyň Çarçuwaly Ylalaşygyny işläp taýýarlamagy, anyk maglumatlary, teklipleri, işewürlik taslamalaryny we beýleki zerur maglumatlary öz içine alýan Maglumat portalyny döretmek baradaky pikire seretmegi teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek baradaky meselä seretmegi-de teklip edýändigini aýtdy.

Çykyşynyň barşynda döwlet Baştutanymyz ýene bir wajyp ugur — energetika barada hem aýratyn durup geçdi.

Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynyň ahyrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitiniň başlygy wezipesine saýlamagy teklip etdi.

Ýeri gelende bellesek, 2021-nji ýyldan bäri Guramada başlyklyk etmeginiň dowamynda Türkmenistan ýörite işlenip taýýarlanylan Konsepsiýa laýyklykda, bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen çemeleşmäni görkezdi.

Türkmenistanyň başlyklygynda 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň geçirilmegi Bitarap Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giň gerimli netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşýändigini dünýä ýüzüne äşgär edipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň 9-njy noýabrda Özbegistana amala aşyran iş saparynyň netijeleri
Işewürlik-daýjest: 7 13-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
YHG-nyň we Arap Bileleşiginiň umumy jarnamasy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana sapary başlandy
Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe guramalaryň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşýar