Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

28-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň bähbitlerini hem-de açylýan mümkinçilikleri nazara almak bilen, esasy ugurlaryň birnäçesinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli giň meseleler boýunça pikir alşyldy.Söwda-ykdysady ulgam netijeli gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet we hususy ulgamyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahatlaşmalarydyr duşuşyklary geçirmegiň wajypdygyny belledi.

Oba hojalyk ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda Türkmenistanyň Ysraýylyň oba hojalygynda gazanan tejribeleri bilen ýakyndan tanyşmaga, suw serişdelerini tygşytly ulanmak we süýjetmek boýunça täze tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary pugtalandyrmak ara alyp maslahatlaşmalaryň wajyp meseleleriniň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Medeniýet günlerini guramagyň, iki ýurduň wekilleriniň ylym-bilim forumlaryna we bäsleşiklere işjeň gatnaşmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Ýurtlarymyzyň baý taryhy-medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmak üçin syýahatçylyk mümkinçiliklerini ulanmagyň zerurdygy barada aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Ibrahim Kalyn Hamasyň Syýasy Lideri Bilen Duşuşdy
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ MEDNIÝET MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN GEÇIREN DUŞUŞYGY
Türkmenistan we Gazagystan Respublikasy strategik hyzmatdaşlygy berkitmegi maksat edinýärler
Türki döwletleriň gün tertibindäki wakalar
EKSPO-2023 halkara sergisi geçirilýär
Katarda “EKSPO-2023” halkara sergisi açyldy
Müsürde Içeri Işler Müdürliginde Ýangyn Boldy