Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 8-nji dekabrda geçirilen mejlisinde Ykdysady jeneýatlara garşy göreş komiteiniň başlygy Mämmethan Çakyýew hasabat bilen çykyş etdi.
TDH döwlet habar gullugynyň maglumatyna görä, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Oba we suw hojalygy, Demir ýol ulaglary ministrlikleriniň, “Türkmennebit” döwlet konserniniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň düzümlerinde we bölümlerinde geçirilen seljerme işleriniň barşynda birnäçe jogapkär adamlaryň gulluk wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanandyklary, parahorlugyň we korrupsiýa faktlary ýüze çykaryldy. Şunlukda döwlete ägirt uly maddy zyýanyň ýetirilendigi anyklandy.
Berlen hasabat netijesinde prezident Gurbanguly Berdimuhamdow zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, pensiýa gaznasynyň müdüriýetiniň başlygy Seýitmämmet Akmämmedowy “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” diýip işden aýyrdy. Onuň ýerine ministriň orunbasary bolup işlän M.Sylabow wagtlaýyn bellendi.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Bäşimowa, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň başlygy T.Paşiýewe işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin käýinç yglan edildi.
Döwlet baştutany soňra Mejlisiň başlygy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, kanunlara gaýtadan seredip, olarda parahorluk we korrupsiýa üçin beriljek jezalary has berkitmegiň zerurdygyny belledi.
“Parahorlar we korrupsiýa baş goşan, olaryň hasabyna baýamagy niýet edinen adamlar babatda günä geçmek çäresini ulanmagy ýatyrdyk. Eger zerurlyk bolsa, biz Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň işgärleriniň sanyny artdyrarys” diýip, TDH döwlet habar gullugy prezidentiň sözlerini sitirleýär.
