Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen adyny dakmak hakynda

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde hem-de iki doganlyk halkyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle-de iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen adyny dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 26-njy fewraly.

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň Prezidentine türkmenistanly çagalar türkmen tahýasyny we dutar sowgat berdiler
Ärdogan Bagdatda Yragyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkiýede ýerli saýlawlar geçdi
Gurbanguly Berdimuhameow Türkiýäniň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Podmoskowýede bolan ýykgynçylyk dünýäde giňden ýazgaryldy
Türkmenistanda Mukaddes Oraza baýramy bellenilýär