Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Oraza baýramyny bellemek hakynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde bellemeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramyny bellemek hakyndaky Permana gol çekdi
Türkmenistanda Oraza baýramy 10-njy aprelde belleniler
9-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkiyede we dünýäde Oraza baýramy giňden bellenilip geçilýär
Prezident Erdogan Azerbaýjanyň prezidenti Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Daşary ýurt ýolbaşçylary türkmen kärdeşini Oraza baýramy bilen gutladylar