Türkmenistanyň rekord ýaşly 5 zenany

Türkmenistanyň rekord ýaşly 5 zenany

Halkara zenanlar güni mynasybetli, merkezi Türkmenistan gazetinde Türkmenistanyň rekord ýaşyndaky iň uzak ýaşly 5 sany zenany baradaky maglumatlar we olaryň uzak ýaşamagyň syralary baradaky pikirleri çap edildi. Şeýle-de şol makalada häzirki wagtda dünýäde iň uzak ýaşly ýaşaýjy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ABŞ-ly Mariýa Morerarynyň 1907-nji ýylda doglandygy, türkmenistanly Sarygül Mätiýewanyň hem 1908-nji ýylda doglup, onuň häzirki wagtda Türkmenistanyň iň uzak ýaşly ýaşaýjysydygy barada maglumatlar berilýär.

Halkara derejede bellenilýän zenanlaryň baýramy gününde Turkmenportal hem şol zenanlar bilen öz audotoriýasyny tanyşdyrmagy makul bildi.

Sarygül MÄTIÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Ak altyn geňeşliginiň Bagtyly obasynyň ýaşaýjysy.

1.01.1908 ý.

3 ogly, 4 gyzy, 43 agtygy, 96 çowlugy, 8 ýuwlugy bar.

Arçagül ESENOWA,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Zähmet daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy.

20.07.1920 ý.

2 ogly, 1 gyzy, 16 agtygy, 25 çowlugy bar.

Maral ÇARYÝEWA,

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Oguzhan geňeşliginiň Etbaş obasynyň ýaşaýjysy.

10.05.1922 ý.

5 ogly, 2 gyzy, 37 agtygy, 92 çowlugy, 6 ýuwlugy bar.

Gülüş ÖWEZGYLYJOWA,

1.01.1924

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bamy geňeşliginiň Ymarat obasynyň ýaşaýjysy.

1 ogly, 1 gyzy, 11 agtygy, 37 çowlugy, 20 ýuwlugy bar.

Gurbantäç ALAÝEWA,

Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Gyyzylbaýyr obasynyň ýaşaýjysy.

10.03.1924 ý.

5 ogly, 5 gyzy, 38 agtygy, 87 çowlugy, 16 ýuwlugy bar.

______

Makala bilen şu salgy arkaly giňişleýin tanşyp bilersiňiz!

P.S. Turkmenportal dürli ýyllarda Türkmenistanyň iň uzak ýaşly zenan ýaşaýjylary baradaky maglumatlary merkezi neşire salgylanmak arkaly, öz okyjylaryna ýetirip gelýär. Türkmenistan boýunça iň uzak ýaşan, Mary welaýatynyň ýaşaýjysy, 122 ýaşynda aradan çykan Ajapsoltan Hajyýewa barada bolsa ýörite gepleşik hem taýýarlanyldy. Şu günki baýramçylyk gününde aşakdaky salgylar arkaly ýene bir ýola şol makalalardyr foto-wideo reportažlaryny okyjylara ýetirýäris:

Ýene degişli makalalar

Britaniýaly dünýäde iň uzak ýaşly erkek kişi diýlip yglan edildi
“La Ligada” “Žironanyň” liderligi dowam edýär
Bageri Kenni ispan kärdeşi bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitdäki ösüşler barada gepleşik geçirdi
Dünýäniň iň gowy futbolçysy üçin “Altyn topa” 30 dalaşgäriň sanawy belli edildi
Repçi Lil Nas X-iň Montero klibi Ýylyň iň gowy aýdym-saz wideosy boldy
UEFA-da ýylyň futbolçylary baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi