2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Buharest şäherinde welosiped ýörişi geçirildi.
Agzalan sport çäresi Buharest şäher häkimliginiň, şeýle hem Green Revolution Assosiasiýasynyň goldawy bilen Buharest şäherinde ýerleşýän Mihaý I Patyşasy adyndaky parkynda guraldy. Çäre Rumyniýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, wekilleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle hem bu ýurtda wagtlaýyn bolýan raýatlaryň we bilim alýan talyplaryň gatnaşmagynda geçirildi.
Çäräniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Annaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm bölegi bolan sport diplomatiýasynyň parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny pugtalandyrmaga, ýokary netijeli sport ulgamyny işjeňleşdirmäge, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge we ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge, ýurduň ýaş nesliniň şahsyýet hökmünde kemala gelmegine ýardam etmäge gönükdirilendigini belledi.
Guralan welosipedli ýörişe gatnaşyjylar Türkmenistanyň bu ugurda amala aşyrýan halkara tagallalaryna ýokary baha berdiler.