Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy welosiped ýaryşyny gurnady

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy welosiped ýaryşyny gurnady

2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan “Bütindünýä welosiped güni” mynasybetli Buharest şäherinde welosiped ýörişi geçirdi.

Agzalan sport çäresi Buharest şäher häkimliginiň, şeýle hem “Green Revolution” Assosiasiýasynyň goldawy bilen Buharest şäherinde ýerleşýän “Mihaý I Patyşasy” adyndaky parkynda guraldy. Çäre Rumyniýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, wekilleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle hem bu ýurtda wagtlaýyn bolýan raýatlarymyzyň we bilim alýan talyplarymyzyň gatnaşmagynda geçirildi.

Çäräniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Annaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm bölegi bolan sport diplomatiýasynyň parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny pugtalandyrmaga, ýokary netijeli sport ulgamyny işjeňleşdirmäge, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge we ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge, ýurduň ýaş nesliniň şahsyýet hökmünde kemala gelmegine ýardam etmäge gönükdirilendigini belledi.

Guralan welosipedli ýörişe gatnaşyjylar Türkmenistanyň bu ugurda amala aşyrýan halkara tagallalaryna ýokary baha berdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy welosiped ýaryşyny gurady
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda welosipedli ýörişler geçirildi
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi
"Broadway. Dowamy”. Keýt Bass we Aarun Ýang türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş etdiler
Türkmenistan ýaşlar syýasatynda, ulagda we saglygy goraýyşda gazanan üstünlikleri üçin halkara baýraklara eýe boldy