Türkmenistanyň Rus jemgyýetiniň başlygy Orsýetiň Saratow oblastynda aradan çykdy

23-nji dekabrda Orsýetiň Saratow oblastynda, 80 ýaşynyň içinde Anatoliý Petrowiç Fomin aradan çykdy. Ol ýurduň prezidenti S.Nyýazow bilen konflikt zerarly watanyny terk etmäge mejbur bolanyndan soň hem, Orsýete göçüp gelip, Türkmenistandaky Rus jemgyýetine ýolbaşçylyk etmegini dowam etdirdi.

A.P.Fomin 1939-njy ýylda Mary oblastynyň Tagtabazar raýonynda doguldy. Ol öz wagtynda “Stroitel” (soňra “Kolhozçy”) futbol komandasynyň “A” master klasynyň treneri boldy. 1992-nji ýylyň maýynda Türkmenistandaky Rus jemgyýetiniň uçrediter (esaslandyryjy) gurultaýyny geçirdi we bu jemgyýetiň başlyklygyna saýlandy.

Moskwada ýaşamak bilen, ol aktiw oppozsion we hukuk goraýjylyk işlerini alyp bardy, Türkmenistanda dowam edýän syýasy režimi tankyt etdi.

Gelýän ýylyň 1-nji ýanwarynda Anatoliý Petroçiçiň 80 ýaşy dolmalydy.

Anatoliý Fomin 2009-njy ýylda “Türkmenistanyň Hronikasyna” özi we işi hakynda gürrüň berdi.

Ýene degişli makalalar

Kaka etrabynyň okuwçylary halkara olimpiadasynda ýeňşe dalaşgärleriň 765-siniň arasynda iň güýçlileriň onlugyna girdiler
Aýratyn zehinli çagalaryň mekdep-internaynyň mugallymlary halkara gözden geçirilişiň netijeleri boýunça güçlileriň hataryna girdi
“Ejemiziň, kakamyzyň ugradan puly näme üçin bize berilmeýär?”
Türkmenistanda 2018-nji ýylyň üçünji çärýeginde azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň bahalarynyň üýtgeýşine syn