Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Duşuşyk GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwadaky bölüminde geçirildi.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugynyň beýannamasynda bellenilişine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çägindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyna gatnaşmagy we şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleriň tertibi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

GDA-nyň Baş sekretaryna “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” ýadygärlik nyşany gowşuryldy
Türkmenistanyň RF-daky ilçisi GDA-nyň baş sekretaryna Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşanyny gowşurdy
12-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Prezidenti prokuratura edaralarynda wezipe çalşygyny geçirdi
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ MEDNIÝET MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN GEÇIREN DUŞUŞYGY
MOSKWA DÖWLET HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA, MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP TEGELEK STOL WE SERGI GEÇIRILDI