Türkmenistanyň Seuldaky ilçihanasynda The Korea Herald habarlar agentliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Seuldaky ilçihanasynda The Korea Herald habarlar agentliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynda The Korea Herald habarlar agentliginiň ýolbaşçysy Çoý Jin Ýong bilen duşuşyk geçirildi. Oňa agentligiň tanymal habarçysy Sanjaý Kumar hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berlişine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda maglumat ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini, şol sanda, Türkmenistanyň daşary we içeri syýasaty baradaky habarlary media-holdingiň binýadynda ýerleşdirmek nukdaýnazaryndan özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, türkmen tarapy Koreýa Respublikasynyň habarlar agentlikleri bilen gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň wajyp bolup durýandygyny nygtamak bilen, iki ýurduň ýeten üstünlikleri we olarda bolup geçýän möhüm wakalar baradaky täzelikleri hem-de habarlary alyşmaklygy hyzmatdaşlygyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýewiň bellemegine görä, 2024-nji ýyl Türkmenistanda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly şygaryň astynda geçýär, munuň özi bolsa, milli we halkara derejelerinde Gündogaryň beýik şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp guraljak dürli çäreleri göz öňünde tutýar. Şu nukdaýnazardan, Magtymgulynyň döredijiliginiň dünýä ýüzünde ykrar edilmeginiň aýdyň nyşany hökmünde Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) çäklerinde şu ýylyň Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edilendigi barada nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Seulda The Korea Times neşiriniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Maý aýynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyşy meýilleşdirilýär
Ankarada geçirilen medeni-köpçülik çäreleri
Ankarada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere badalga berildi
Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna doly hukukly agza bolmagyna garaşylýar
Türki akademiýasynyň wekiliýeti mart aýynda Türkmenistana geler