Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň ýolbaşçysy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýäniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar geňeşiniň (DEİK) ýanyndaky Türkiýe - Türkmenistan işewürlik geňeşiniň türk böleginiň başlygy Sefa Gömdeniziň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.Duşuşykda Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn işewür duşuşyklarynyň, türk öndürijileriniň haryt sergileriniň hem-de biznes forumlarynyň geçirilmegine başlangyç beren türkmen-türk işewürlik geňeşiniň işiniň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şeýle hem, Türkiýäniň işewürleriniň Türkmenistan bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek ugrunda uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, Sefa Gömdeniz Türkmenistanda iş alyp barýan türk kompaniýalaryna berilýän kömek we giň gerimli goldaw üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň wekilleriniň arasynda netijeli dialogy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini bellediler hem-de geljegi uly bolan ikitaraplaýyn taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işleriň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe bilen Bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmegi teklip etdi
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Türkiýäniň Bilelikdäki maýa goýum fonduny döretmegi teklip etdi