Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat eadarlarynyň ýolbaşçylary iki taraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibi boýunça pikir alyşdylar

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat eadarlarynyň ýolbaşçylary iki taraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibi boýunça pikir alyşdylar

2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ministrler Geňeşiniň 25-nji mejlisiniň meýdançasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň hem-de Abdulaziz Kamilowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň beren habaryna görä, Diplomatlar sebit derejesindäki özara hereketleriň depginine aýratyn ähmiýet bermek bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň BMG, YHG, AHHG we beýleki guramalaryň çäklerindäki özara hereketlerine hem seredilip geçildi. Halkara düzümleriniň çäklerindäki ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň oňyn tejribesi hem nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

R.Meredow Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
Moskwa ygrarly sebit we awtoritar meýilleri. ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň sapary Merkezi Aziýa nämä berip biler?
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Özbegistanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Aşgabatda Dialog — parahatçylygyň kepili atly halkara forum geçirildi
Raşid Meredow Özbegistanyň Dustlik ordeni bilen sylaglandy
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň öňki daşary işler ministrini Galkynyş ordeni bilen sylaglady
Türkmen özbek syýasy geňeşmeler geçirildi