Türkmenistanyň we Rumyniýanyň daşary işler ministrleri duşuşdy

23-nji oktýabrda Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi 19-njy ministrler duşuşygynyň işine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň Rumyniýanyň daşary işler ministri Luminisa Odobesku bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda L.Odobesku Merkezi Aziýanyň Rumyniýanyň wajyp hyzmatdaşy hökmündäki ornuny nygtady. Bellenilişi ýaly, bu ýurt Merkezi Aziýa sebiti bilen Ýewropa Bileleşigini baglaýjy hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň sebitde Rumyniýanyň ileri tutulýan hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy bellendi.

Özara hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik taraplaryna seretmek bilen, R.Meredow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyna ünsi çekdi. Bu babatda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylda Rumyniýa amala aşyran saparynyň geljekki hyzmatdaşlygyň binýadyny goýan möhüm waka hökmünde ähmiýeti tassyklandy.

Taraplar halkara giňişliginde hem birek-biregi goldamaklygyň wajyp bolup durýandygyny bellediler. Hususan-da, Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen kararnamalary goldandygy üçin türkmen tarapy Rumyniýa hoşallyk bildirdi.

Söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlykda esasy üns bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerine çekildi, olaryň hataryna ulag we energetika pudaklary hem degişlidir. Şu nukdaýnazardan, taraplar Energetika boýunça iş toparynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler. Şeýle-de Hazar deňzi – Gara deňiz ulag geçelgesiniň möhüm orna eýe bolup durýandygy aýratyn nygtaldy.

Taraplar sanlylaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanmany tassykladylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda ynsanperwer gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Aýratyn üns bilim ulgamynda amala aşyrylýan hyzmatdaşlyga, bu ugurdaky maksatnamalara berildi.Häzirki wagtda Rumyniýada 300-e golaý türkmen talyplary bilim alýar.

Bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyga bolan ygrarlylyk 2023-nji ýylda iki ýurduň bilim ministrlikleri tarapyndan gol çekilen Hyzmatdaşlyk maksatnamasy bilen has-da berkidildi.Mundan başga-da, türkmen tarapy Nikolaýe Titulesku uniwersitetinde geçirilýän ýaş diplomatlar üçin gysga möhletleýin diplomatik okuwlarynyň ähmiýetini tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda ministrler Türkmenistanyň daşary işler ministrligi bilen Rumyniýanyň daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasyna gol çekdiler. Bu resminama iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmakda umumy tagallalaryň beýany bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Awstriýanyň işewür wekiliýeti dekabrda sapar bilen Türkmenistana geler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistan we Rumyniýa ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Aşgabatda Dialog — parahatçylygyň kepili atly halkara forum geçirildi
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-da biologiýa dersi boýunça II Halkara internet olimpiadasy geçirildi
TDLU-da biologiýa dersi boýunça Halkara internet olimpiadasy geçirildi