Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň halkara guramalaryň, iri halkara forumlaryň we duşuşyklaryň çäklerindäki özara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Wenesuelanyň Prezidentiniň wekili Rodriges bilen duşuşdy
Daşary işler ministri Fidan Russiýada saparda bolar
Hakan Fidan eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Fidan: “Türkiýe Ukraina meselesiniň çözülmegine ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam eder”
Prezident Erdogan Singapuryň Premýer-ministrini resmi dabara bilen garşylady
Türkiýe Eýran söweşi meselesinde Pakistan bilen gepleşik geçirer
Ýakyn Gündogarda dowam edýän söweş meselesi Pakistanda ara alnyp maslahatlaşylar