Türkmenistanyň we Tunis Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Tunis Respublikasynyň Daşary işler, migrasiýa we daşary ýurtlarda ýaşaýan tunislileriň işleri boýunça ministri Mohamed Ali Naftiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Netijeli häsiýetde geçen söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy-diplomatik dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda ministrler türkmen-tunis köpugurly hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Salah milli toparyna 90-njy minutdan soň ýeňiş getirdi
1/8 finala çykan toparlar belli boldy
Türkiye Stambulda geçirilen içaly operasiýasynda Mossadyň iki içalysyny tussag etdi
Türkmen ilçisi Malaýziýanyň goranmak ministri bilen duşuşdy
ÝB Tunis: migrasiýany çäklendirmek barada şertnama
Tunisdäki tokaý ýangynlary dowam edýär