Türkmenistanyň wekiliýeti FAO-nyň Sebitleýin maslahatynyň 35-nji mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 1112-nji maýynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO)Ýewropa boýunça Sebitleýin maslahatynyň 35-nji mejlisine gatnaşdy.

Maslahat Duşenbe şäherinde geçirilip, oňa sebitiň döwletleriniň, halkara guramalaryň we degişli edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Maslahatyň dowamynda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalygyny durnukly ösdürmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, suw we ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak, şeýle hem agrarçylyk ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Forumyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi we Türkmenistan bilen FAO-nyň arasynda oba hojalygy, azyk howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi boýunça pikir alşyldy.

Ýene degişli makalalar

Daşary işler ministri Rimde Halkara oba hojalygyny ösdürmek gaznasynyň prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistan bilen Italiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini maslahatlaşdy
Aşgabatda “Merkezi AziýaÝB” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler
Türkmenistan BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda söwda we maýa goýum pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy