Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanda söwda we üstaşyr ýük daşamalary barada üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşar

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanda söwda we üstaşyr ýük daşamalary barada üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşar

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanda söwda we üstaşyr ýük daşamalary barada üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşar. Gepleşikler türkmen, owgan we gazak wekiliýetleriniň arasynda bolup geçer. Şol maksat bilen Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem Owganystana sapar bilen bardy.

Türkmenistanyň, Owganystanyň hem-de Gazagystanyň arasynda geçiriljek üçtaraplaýyn gepleşiklereiň esasy temasy sebit intergasiýasyny we taraplaryň özara söwdasyny, üstaşyr ýük daşamalaryny ösdürmekden ybarat bolar. Bakhtar News saýtynyň habar bermegine görä, türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäginde türkmen-owgan gepleşikleri hem geçirilip, onda, esasan, iki ýurduň arasyndaky söwdany we üstaşyr ýük daşamalaryny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 481 million amerikan dollaryna deň boldy.

Ýene degişli makalalar

Ilon Mask Hytaýa bardy
100 ýaşly amerikaly deprekçi uzak ýaşamagyň syryny paýlaşdy
2024-nji ýylyň tomsy çakdanaşa yssy bolar diýlip garaşylýar
Gazagystanda Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Ýyllarboýy zibilhanada naharlanan adam 10 öý satyn aldy
Türkmen diplomaty arap neşirini Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejeli çäreleriň işine gatnaşmaga çagyrdy