Türkmen diplomaty arap neşirini Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejeli çäreleriň işine gatnaşmaga çagyrdy

Türkmen diplomaty arap neşirini Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejeli çäreleriň işine gatnaşmaga çagyrdy

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi O.Çaryýew ýurduň Arab News gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary Nur Nugali bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

14-nji fewralda bolan duşuşykda maglumat ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, doganlyk türkmen-saud gatnaşyklarynyň ösüşlerini köpçülige ýaýratmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaşlar — Watanyň daýanjy atly kitaby hem tanyşdyryldy.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda 2024-nji ýylyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edilendigi habar berildi hem-de şu ýylyň dowamynda türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlap Türkmenistanda birnäçe medeni we ylmy çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi mälim edildi.

Şunuň bilen baglylykda, Arab News gazetiniň wekilleri Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlap geçiriljek halkara derejeli çäreleriň işine gatnaşmaga çagyryldy.

Ýene degişli makalalar

Şotlandiýanyň birinji ministri Hamza Ýusuf iş başyndan gitmekçi
Ilon Mask Hytaýa bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini tagta geçmegi mynasybetli gutlady
Hytaýda ýitip barýan iri şahly mallary nusgaladylar
Şazada Uilýam Patyşa Karl III borçlarynyň bir bölegini alar
Coca-Cola 10 ýyldan soň täze tagamly içgi bilen tanyşdyrar
Putin: "Russiýany Ukrainada ýeňmek mümkin däl" diýdi