Ýyllarboýy zibilhanada naharlanan adam 10 öý satyn aldy

Ýyllarboýy zibilhanada naharlanan adam 10 öý satyn aldy

Germaniýada 80 ýaşly pensioner Haýns B zibilhanalara taşlanýan iýmit galyndylary bilen gün görüp, 700 müň ýewro toplamagy başardy diýip, Bild neşirine salgylanýan News.ru habar berdi. Ol her aý iýmite 5 ýewro sarp edýändigini gürrüň berdi. Tygşytly goja eýýäm on öý satyn alyp, olary kärendesine beripdir.

Haýns diýseň tygşytly ýaşaýandygyny, her aýda 5 ýewrodan artyk pul sowmaýandygyny aýdýar.

Bild gazetiniň maglumatlaryna görä, ol gedaýlar ýaly, eleşan görünýär. Öň ol elektrik inženeri bolup işläpdir. Haýns ýeke ýaşaýar, 3,6 müň ýewro pensiýa alýar. Emma goja ähli zat babatda tygşytly bolmagy endik edinipdir.

Haýns hatda öýüni-de köçeden çöplän oduny bilen ýyladýar. Onuň ykjam telefony ýok, emma noutbugy bar, goja onda Youtibedäki işewürlik boýunça sapaklary diňleýär.

Haýns öz süýşürintgilerini gozgalmaýan emläge sarp edýär, onuň pikiriçe, bu öz pullaryňy hümmetsizlenmeden goramak üçin iň oňat usuldyr. Ähli kärendesine beren öýleri-de onuň öz ýaşaýan öýüniň golaýynda ýerleşýär, goja olara gözegçilik edýär.

Ýene degişli makalalar

Bütindünýä Bankynyň Resmisi Türkiýä Hoşallygyny Bildirdi
Aktiwistler Warşawada protest geçirip, türkmen häkimiýetlerinden hasabat soramakçy bolýar
Arkadag şäher häkimligi Aşgabat — Gökdepe ýolunda gurluşyk-gurnama işleriniň başlandygyny habar berdi
ÝB, Gazada Asuda Ilatyň Ýogalmagyna Alada Bildirýär
3 muzeý, 3 şäher
Türkiýe ÝB-ne Reaksiýa Bildirdi